Neşirýat ulgamy barha kämilleşýär (zamantm.com)
29-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Aşgabat şäherinde gurlan Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze toplumy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmasy boýunça bir konsorsiuma girýän Türkiýe Respublikasynyň “EREGE Inşaat Taahhýut Sanaýi we Tijaret LTD Şti” bilen Awstriýa Respublikasynyň “Heidelberger Druсmasсhinen Eastern Europe Gmbh” kompaniýalary bina etdi.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň merkezinde ýerleşýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň edara binasynyň toý bagyny kesip, toplumyň gurluşy, onuň enjamlaşdyrylyşy, netijeli işlemek ugrunda döredilen şertler bilen tanyş boldy.
Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň düzümine Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4 gatly binasy, Metbugat merkezi, “Çaphanahyzmatlary” döwlet kärhanasy, “Türkmenmetbugat üpjünçilik” maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy, mejlisler zaly, ýapyk ulag duralgalary, sport meýdançalary hem-de beýleki kömekçi desgalar bar.
Ýeri gelende aýtsak, toplumda alnyp barylýan işleriň ählisi awtomatlaşdyrylypdyr, bölümleriň hemmesinde häzirki zaman ösen tehnikalary, kompýuterler ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde Wallsсreen ekranlary bilen enjamlaşdyrylan otagda toplumy dolandyrmak işi kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary önümçiligi ýokary derejede awtomatlaşdyrmaga, önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde neşirýatlar bilen utgaşykly hem-de tiz iş alyp barmaga, goýberilýän önümleriň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Maksatnama üpjünçilikli Asystem Monorifm ulgamy dolandyrmagyň elektron görnüşini özünde jemleýär, ähli önümçilik düzümleriniň tabşyrylan işleri yzygiderli ýerine ýetirmegini kämilleşdirýär. Şeýle hem ol ammarlarda sarp edilýän serişdeleriň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň möçberine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Şunuň ýaly döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda çap edilýän gazetler we žurnallar ýewropa ölçegleri esasynda neşir ediler. Toplumda çap edilýän döwürleýin neşirleriň ölçegleri biraz gysga bolar, ýöne bu makalalaryň sanyna we olaryň hiline täsirini ýetirmez. Şonda, bu usul bir ýylyň dowamynda ýüzlerçe tonna kagyzy tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň hasabyna toplumyň kuwwatlylygy 3 milliard 180 million 400 müň reňk çap basmasyna deňdir. Şeýlelikde, Metbugat merkeziniň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym esse ýokarlandy.
Döwlet Baştutanymyz gazet çap edilýän bölümiň şertleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň her biri bir sagadyň içinde 64 müň nusgalyk gazeti çap etmäge ukyplydyr. Her bir çap ediş enjamynda QI IDS reňke gözegçilik etmegiň awtomatik ulgamy oturdylandyr, ol çap edilýän kagyza tutuşlygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Soňra enjamyň işlemegini üpjün edýän hünärmeniň haýyşy boýunça ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz önümçilik ulgamyna badalga berdi. Ýap-ýaňy çap edilen “Aşgabat” gazetini eline alyp, döwlet Baştutanymyz onuň çap edilişine hem-de ulanylýan kagyzyň hiline baha berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze metbugat toplumynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmagyň dowamynda taýýar çap önümleri çatmak boýunça bölüm görkezildi. Bu ýerde neşirleriň taýýarlanylyşyny çaltlandyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sahypalary berkidilende, ýurdumyzyň çaphana önümçiliginde ilkinji gezek termosapak bilen çatmak usuly peýdalanyldy.
Gaty daşly kitaplary çap etmek üçin sowgatlyk we aýratyn ähmiýetli neşirleriň taýýarlanyş usulyny tizleşdirýän awtomatik ulgam peýdalanylýar. Integral sahaplama usuly ilkinji gezek çaphana önümçiligine ornaşdyryldy.
Mekdep okuw kitaplarynyň çap edilişinde ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýanyň artykmaçlyklaryna aýratyn üns berip, milli Liderimiz başlangyç synp okuwçylary üçin matematika boýunça bu ýerde görkezilen ozal çap edilen we täze çap edilen okuw kitaplarynyň nusgalaryny deňeşdirip, täze nusgalaryň hil derejesine ýokary baha berdi we degişli ýolbaşçylara mekdeplerde täze nusgadaky okuw kitaplary boýunça okatmagy haýal etmän ýola goýmagy tabşyrdy.
Milli Liderimize “Braýl” elipbiýi usulynda hem-de az sanly kitaplary çap etmek üçin niýetlenilen enjamlar görkezilýär. Türkmen çaphanaçylarynyň ygtyýarynda sowgatlyk üçin aýry-aýry kitaplaryň nusgalaryny taýýarlamak, şol sanda arassa gaýyşdan we altyn çaýylan kitaplary taýýarlamak üçin enjamlaryň peýda bolandygyny bellemek möhümdir.
Çaphana önümçligi bilen tanyşlygynyň ahyrynda, milli Liderimize “Prinect” elektron ulgamynyň mümkinçilikleri görkezildi, ýurdumyzyň çaphana senagatynda ilkinji gezek ornaşdyrylýan bu ulgam arkaly çap işine başlamazdan ozal, şeýle hem çap etmegiň barşynda we ol tamamlananda ulanylýan serişdeleri we ýerine ýetirilýän işleri bitewi görnüşe birleşdirip, önümçiligi dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlarda işleýän hünärmenleriň Germaniýada tapgyrlaýyn taýýarlyk okuwlaryny geçendiklerini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz çaphana senagatynyň işgärleriniň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny, olaryň enjamlary netijeli ulanmagy, çylşyrymly tehnologiýa işlerini we önümçiligi başarnykly dolandyrmagy üpjün etmeginiň zerurdygyny belledi.
Bu häzirki zaman toplum iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi we diňe ýurdumyzyň içki zerurlyklaryny üpjün etmekden başga-da daşary ýurtlaryň buýurmalaryny hem kanagatlandyrmaga ukyplydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýygnananlary täze Metbugat öýi toplumynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz bu toplumyň ýurdumyzyň çaphana senagatyny ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigini aýtdy we bu günki şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyny tamamlap, oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).

